MASLAHAT
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe, “Pähim-paýhas ummany, Magtymguly Pyragy” ýylynda 2024-nji ýylynyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň “Täze döwür amala aşyrylýan özgertmeleri has-da giňeldip, jemgyýetiň aň-bilim mümkinçiligini ýokarlandyrmagy talap edýär. Şoňa görä-de, şu ýylyň ahyryna çenli toplumlarda ylym, bilim, medeniýet ulgamlaryny kämilleşdirmek, ýaşlar barada döwlet syýasaty bilen bagly maslahatlary geçirmegi teklip edýärin” – diýen tabşyrygyndan ugur alyp, 2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 31-ne bolsa Arkadag şäherinde ýerleşýän Berdimuhammet Annaýew adyndaky Arkadag şäher orta hünär mugallymçylyk mekdebinde, geçirilen maslahata bilim we medeniýet ulgamynyň mugallymlary öz teklipleri bilen çykyş etdiler. Maslahata Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň “Nakgaş we dizaýn” bölüminiň mugallymy Begsenem Hojanyýazowa, “Sazyň nazaryýeti” bölüminiň mugallymy Annabegi Emirgulyýewa özleriniň çykyşlary we teklipleri bilen gatnaşdylar.
“Nakgaş we dizaýn” bölüminiň mugallymy
Begsenem HOJANYÝAZOWA