Halypany Hormatlap
Gahryman Arkadagymyzyň döredip beren halypa-şägirtlik ýolundan ugur alyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde halk arasynda ömrüni Watanyna, il-günine bagyş eden halypalar hormat bilen ýatlanylýar. Şeýle Watan ogullarynyň biri hem Türkmenistanyň Halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň, Magtymguly adyndaky ýaşlar baýragynyň eýesi Rejep Rejebowdyr. Ol özüniň sungatdan doly ömründe SSSR-iň Kinematograflar Bileleşiginiň agzasy, SSSR-iň kompozitorlar Bileleşiginiň agzasy, Türkmenistanyň kompozitorlar Bileleşiginiň başlygy, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kompozisiýa kafedrasynyň dosenti wezipelerinde zähmet çekýär. Türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň 3-nji nesliniň görnükli wekili Rejep Rejebow özboluşly, häzirki zaman türkmen kompozitory bolup, onuň döredijiligi dürli žanrlary öz içine alýar. Olardan hor, kamera-instrumental, simfoniki eserler, aýdymlar, romanslar, 60-dan gowrak kinofilmler üçin sazlar, «Görogly» operasy we çagalar üçin «Ýartygulak» atly rok operasyny bellemek bolar.
Kompozitor 60-dan gowrak kinofilmler üçin sazlary döredipdir. “Jemalyň daragty”, “Aýal ata çykanda”, Teşneligiň gandyrylyşy”, “Hudaýberdi batyr”, “Bedewiň ogurlanyşy”, “Watan ogly”, “Çakan aga”, “Kasam edýäris”, “Yşkyň ýoly”, “Mährem çynar” we başga-da halkymyzyň aňynda we ýüreginde orun alan ençeme kinofilmleriň sazlary Rejep Rejebowyň döredijiligine degişlidir. Kompozitoryň “Ýalňyz ýoda”, “Saňa”, “Armanym”, “Nowjuwan olmaz”, “Bagtyýar eýle”, “Deňeýän”, “Dillen läläm”, “Humaý gözli” ýaly aýdymlary içki hyjuwy, ruhy arassalygy, beýan edilýän pikirleriň päkligi bilen diňleýjide täsin duýgulary galdyrýar.
Şu ýyl halypanyň doglan güniniň 80 ýyllygyna bagyşlap ýurdumyzyň medeniýet we sungat ojaklarynyň ählisinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda, Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde we welaýat ýörite sungat mekdeplerinde konsertler, ýatlama duşuşyklary geçirilip gelýär.
Şeýle çäreleriň ýene biri şu gün Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde geçirildi. Konsertiň dowamynda halypanyň opera eserlerinden parçalar, kinofilmler üçin sazlaryndan bölekler, kamera-instrumental sazlary, romansdyr-aýdymlary talyplar we mugallymlar tarapyndan ýerine ýetirildi. Bize halypa-şägirtlik ýoluny açyp beren, her bir işde görelde mekdebi bolup duran Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza, okatmaga öwretmäge, döredijilikli zähmet çekmäge, erkana durmuşuň hözirini görüp ýaşamaga döredip beren şertleri üçin çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys. Berkarar watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýäris.
“Fortepiano” bölüminiň mugallymy
Gurbanaly GAPUROW.