Sergi geçirildi

Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň faýesynda ýaş mugallym Orazlyýewa Leýliniň ilkinji gezek şahsy sergisi gurnaldy. Serginiň açylyş dabarasyna mekdebiň ýolbaşçylary, myhmanlar, mugallymlar, talyplar gatnaşdylar. 
Leýli Orazlyýewa ýerine ýetiren eserleriniň üsti bilen durmuşy, tebigatyň gözelligini hem-de portret žanrynda çeken suratynda adamyň häsiýetini we ruhy baýlaşdyrýan gözelligini çekilen surata seredeňde duýup bolar ýaly edip çekipdir. Sergidäki her bir işe syn edenimizde ýyly we sowuk reňkleri janly ýagdaýda duýyp bolýar. Leýli mugallymyň suratlary üýtgeşikligi we aýratynlygy bilen tapawutlanyp, sergä gelenlerde uly gyzyklanma döretdi. Geçirilen sergi mekdebiň “Nakgaşçylyk we dizaýn” bölüminiň talyplary üçin hem täsirli boldy. 


 
                                            “Nakgaşçylyk we dizaýn” bölüminiň mugallymy
                                                      Selbi ANNAÝEWA

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm