Aýdym-sazly maslahat
Şu gün Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň “Täze döwür amala aşyrylýan özgertmeleriň has-da giňeldip, jemgyýetimiziň aň-bilim mümkünçiligini ýokarlandyrmagy talap edýär. Şoňa görä-de, şu ýylyň ahyryna çenli toplumlarda ylym-bilim, medeniýet ulgamlaryny kämilleşdirmek, ýaşlar barada döwlet syýasaty bilen bagly maslahatlary geçirmegi teklip edýärin” diýen tabşyrygyndan ugur alyp, mekdebiň mugallymlaryň, talyplaryň we olaryň ene-atalarynyň gatnaşmagynda aýdym-sazly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäher Geňeşinden, Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň 4-nji çagalar sungat mekdebinden, Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumyndan, Şükür Bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebinden hormatly myhmanlar gatnaşyp, degişli temalarda öz çykyşlary we tekliplerini beýan etdiler. Maslahatyň başynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň direktory Nurmyradow Röwşen Muhammetgulyýewiç “Müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetimizi, edebiýatymyzy, şöhratly taryhymyzy täze nazaryýet esasynda düýpli öwretmek hem-de ylmy taýdan beýan etmek” atly temasyndan çykyş etdi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäher Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Beýzaly Ataýew “Arkadag şäheriniň orta hünär okuw mekdeplerinde ÝUNESKO klubyny döretmek” temasy bilen öz teklip çykyşyny etdi. Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň 4-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Gülzada Jumaýewa “Ylmyň we tehnikanyň örän çalt depginlerde ösmegi, täze tehnologiýalaryň döremegi bilen baglylykda, bilim edaralarynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek” temasynda çykyş etdi. Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň mugallymy Aýgül Akgaýewa “Arkadag şäheriniň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynda milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza buýsanç we söýgi döretmek, olara ynasanperwer kadalaryna esaslanyp taryhy geçmişimizde yz galdyran meşhur şahsyýetlerimiziň beýik işlerini we ýörelgelerini nusga edinip terbiýe bermek we ol şahsyýetleriniň heýkellerini Arkadag şäherinde “Magtymguly Pyragy” döredijilik seýilgähinde ebedileşdirmek” atly temasynda çykyş etdi. Soňra Şükür Bagşy adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Akmämmedowa Aýgül “Ýaşlaryň ruhy ahlak terbiýesini kämilleşdirmek” atly temasynda çykyş etdi. Soňra Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary Emirgulyýewa Annabegi we Hojanyýazowa Begsenem “Ylmyň we tehnikanyň örän çalt depginlerde ösmegi, täze tehnologiýalaryň döremegi bilen baglylykda, bilim edaralarynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek” boýunça “Saz mugallymçylygynda okatmagyň innowasion usullary” we “Arkadag şäheriniň orta hünär okuw mekdeplerinde ÝUNESKO klubyny döretmek” atly temalarda teklipleri bilen çykyş etdiler. Soňra gatnaşyjylar çykyş edilen temalar boýunça öz pikirlerini we tekliplerini ýörite taýýarlanylan grafik sahypalarynda beýan etdiler. Maslahatyň ahyrynda alyp baryjy Türkmen halkynyň mili Lideri Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar bilen maslahaty jemledi.
“Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” bölüminiň müdiri Gülälek AKMYRADOWA