Halkara ýaşlar festiwaly
2024-nji ýylda SUNGAT PLANETASY ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň ýadygärlikleri, şeýle hem Gazagystanyň Klublar federasiýasynyň ÝUNESKO-nyň 15-ýyllygy baradaky bilimleri öwrenmäge bagyşlanan we Bütindünýä federasiýasynyň ýolbaşçylygynda guralan Halkara ýaşlar festiwalyna Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebimiziň “Nakgaşçylyk” bölüminiň I ýyl talyby Annanurowa Gülnabat gatnaşdy. Ol bäsleşige ÝUNESKO-nyň maddy däl gymmatlyklaryny wasp etmek boýunça 3-6, 7-8, 9-10, 11-13 we 14-18 ýaşly dünýäniň 34 ýurdundan müňlerçe gatnaşyjy özleriniň taslamalaryny hödürlediler. Saýlama tapgyrlaryndan geçen gatnaşyjylaryň arasynda Ata Watanymyzdan 3 sany gatnaşyjynyň ýeňiji bolmagy, olaryň biriniň biziň talybymyzdygy ählimizi diýseň begendirýär, buýsandyrýar. Bäsleşigiň maksatnamasyna laýyklykda gatnaşyjylar 4 günüň dowamynda Gazagystanyň öňdebaryjy suratkeşleri bilen birnäçe seminarlara, açyk howa döredijilik agşamlaryna we okuw sapaklaryna, gezelençler we baýrak gowşurulyş dabarasy bilen ýapylyş sergisine gatnaşdylar. Ýeňijiler diplom we gatnaşyjylaryň eserlerini öz içine alýan kitap bilen sylaglandy. Festiwalyň netijesinde dünýä ýüzünde medeniýet-sungat bilen gyzyklanýan ýaşlaryň birnäçesi dürli sungat ugurlary bilen tanyş bolup özaralarynda tejribe alyşdylar. Okamana, öwrenmäne, döredijilikli zähmet çekmäne döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys.
“Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” bölüminiň müdiri
Akmyradowa Gülälek Hojageldiýewna.