«Zenan edebi durmuşyň göwher gaşydyr» atly wagyz-nesihat duşuşygy
Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly ýylymyzda her bir günimiz taryhyň gatyna altyn harplar bilen ýazylýar. Ýurdumyzda zenan mertebesine uly sarpa goýulýar. Bagtyýar döwrümizde aýdym bolup gelýän arzyly günleriň gujagynda ýaşamak we işlemek, döretmek we gurmak biz türkmen zenanlary üçin uly bagtdyr. Türkmen zenanlarmyzyň iş we durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy, olaryň ýurdumyzyň dürli ugurlarynda yhlasly zähmet çekmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilendir.
Arkadag şäheriniň häkimligi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Arkadag şäheriniň Zenanlar bölümi, Arkadag şäheriniň prokuraturasy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň geňeşiniň gurnamagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen zenanlarynyň, gyz-gelinleriniň edep ekramlylygyny, sözleýiş medeniýetini, el işlerini, maşgala mukaddesligini, ene-mamalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgelerimizi, milliligimizi ýaş nesillere ýaýbaňlandyrmak maksady bilen Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde «Zenan edebi durmuşyň göwher gaşydyr» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler türkmen zenanlarynyň bagtyýar döwrümizde alyp barýan asylly işleri, şeýlede perzent terbiýesi, gyz edebi barada gürrüň berdiler.
Zenan her bir maşgalanyň tugy hasaplanýar. Tug bolsa mydama belentde parlap, şol ýurduň asudalygyny, erkanalygyny, agzybirligini aňladýar. Maşgalada zenanyň orny hem şeýle. Maşgalabaşy hökmünde öýüň eýesi erkek adam bolsa-da , onuň jemgyýetdäki abraýy bolsa maşgalanyň abatlygy, şol öýüň arassalygy, tertipliligi halallygy zenanyň gerdenine düşýär. Zenan mertebesi belentde bolanlygy üçin bolsa belent işleriň başyda zenandan gözbaş alýar. Türkmen zenany taryhda ar-namyslylykda, gaýratlylykda uly yz goýan şahsyýetler diýsek ýalňyşmarys. Ýenede bir häsiýet bolsa, zenan dünýäsiniň waspçysy bolan el işleridir. El işleri – zenan maşgala mahsus häsiýetdir. Ol gadymdan gözbaş alyp, häzirki günlermizdede dowam etdirilýär. Keşdeçilik sungatyny, halyçylyk sungatyny, köýnek tikmek, jorap örmek, keçe basmak ýaly ajaýyp el işlermizi her bir öýde gyz-gelinlermiz tarapyndan ýerine ýetirilýär.
Biz zenanlara işlemäge, döretmäge, döwrebap şertlerde ýaşamaga, döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun! Il bähbitli, ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
“Horeografiýa sungaty” bölüminiň müdiri, Ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy Gülendam HAPYZOWA