«Türkmen keşdeçilik sungaty - milli mirasymyz» atly bäsleşigiň Döwlet tapgyry geçirildi
Bäsleşigi Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, YÜNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilelikde guradylar. Türkmen keşdeçilik sungatyny wagyz etmek maksady bilen geçirilen döwlet tapgyrynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň 2-nji ýyl talyby Gülkamar Suhanowa, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy Sülgünjemal Begmyradowa bilelikde baýrakly 3-nji orna mynasyp boldylar.
Ýeňiş gazanan eli çeper zenanlarymyza Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
“Kirişli saz gurallary” bölüminiň müdiri
Şähribossan ŞAMÄMMEDOWA