Halypa sarpasy

“Halypa äpet bir daragyt, şägirt onuň  miwesine meňzedilýär. Halkymyzda “Miweli daragt” düşünjesi, ilkinji nobatda, şägirt ýetişdirip bilýän halypalar hakynda söz açylanda has köp ýatlanylýar. Sebäbi, halypa-şägirtlik ýoly müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgämizdir. Her bir ynsan halypa görmezdenem, belli bir ýoly külterläp biler, emma halypalar has uzak menzillere ýetmäge güýç-gaýrat, ynam berip bilýän ynsanlardyr. Özbaşyna alty aýda geçjek ýoluny halypaly adam bir aýda geçip bilýär. Uzak ýyllaryň dowamynda munuň netijeli ugurdygyna göz ýetiren pederlerimiz halypa-şägirtlik ýoluny ýörelge derejesine çykarypdyrlar. Haýsy ugurda zähmet çekýändigine garamazdan, halypa öz ugrunyň alymy hasaplanýar. Taryhdaky alym-akyldarlarymyz hem şeýle menzili – halypa-şägirtlik ýoluny geçen beýik ynsanlardyr” diýip Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz biz ýaşlara halypa-şägirtlik ýoluny has-da giňeldip berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň aýdyň ýollarynda owazasy alyslara dolan türkmen medeniýetinde bu günki günde görlüp eşidilmedik üstünliklere ýetildi. Ýurdumyzy öňe alyp gitmek bilen baglanyşykly döwletli başlangyçlar halkymyz tarapyndan goldaw tapýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda milli sungatymyzy dünýä ýaýmakda uly işler alnyp barylýar. Ynha bugün bolsa türkmen sungatynda öçmejek uly yz goýan Ahal ýolunyň düýbini tutujylarynyň biri, ussat halypa sazanda Türkmenistanyň ilkinji mukamçy kompazitory, Türkmenistanyň halk bagşysy Täçmämmet Suhangulyýewiň 160-ýyllyk ýubileýi Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň medeniýet köşgünde uly dabara bilen bellenip geçirildi. Dabarada halypanyň ömri, döredijilik ýoly barada gyzykly gürrüňler edildi. Halypa Täçmämmet Suhangulyýew 1865-nji ýylda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýaňgala obasynda dünýä inýär. Halypanyň ilkinji halypasy Gulgeldi ussa Amangeldi Gönibek bolup olardan dutaryň birnäçe inçe tilsimlerini öwrenýär. Ol öz zamanasynyň ussat sazandasy bolup ýetişýär. Aýdym-saz ansamblynyň başyny başlamaklyk Täçmämmet Suhangulyýewiň paýyna düşýär. Türkmenistan radiosynda, sazly drama teatrlarynda, Türkmen döwlet flarmoniýasynda köpleri özüniň sungaty bilen haýrana galdyrýar. Ol öz ogullary Hojamämmet Täçmämmedowy, Çary Täçmämmedowy ökde sazandalar edip ýetişdirýär. Ol özüniň uly sungatyny şol beýikligi bilen ogullaryna öwretmäge hötde gelýär. Otuzynjy ýyllaryň başlarynda bolsa halk saz gurallary ansamblynyň örüsi giňäp başlaýar. Şol ýyllar ol beýleki bagşy sazandalar bilen bile Moskwa şäherine gidip, oba hojalygynyň gazananlarynyň sergisine gatnaşýar. Sergide saz çalyp türkmen dutarynyň gudratyny görkezýär. 1936-njy ýylda Moskwa şäherine aýdym-saz ýazgysyna gidilýär. Şol ýazga gidenleriň arasynda Täçmämmet Suhangulam bolup ol Türkmenistanyň Halk bagşysy Sahy Jepbaryň, Giçgeldi Amanyň, Oraz Salyryň, Nursähet bagşynyň aýdan aýdymlaryna sazandarlyk edipdir. Täçmämmet Suhanguly meşhur sazanda bolman ol mukamçy kompazitoram bolupdyr. “Azatlyk”, ”Bag içinde”, ”Türkmenistanym” atly birnäçe sazlary döredipdir. Halypa sazanda 1940-njy ýylda Türkmenistanyň aýdym-saz döredijiler birleşiginiň agzalygyna kabul edilýär. Ömrüniň ahyryna çenli ol ýaşlara aýdym-saz öwredip gelýär. Halypanyň ýoluny ogullary Hojämmmet Täçmämmet, Çary Täçmämmet, agtygy Ata Täçmämmet dowam etdiler. Biz hem halypanyň çowlugy gaýybana şägirdi Muhammet Pürmämmedowdan halypanyň döreden sazlaryny öwrenýänimize diýseň begenýäris. Bize halypa-şägirtlik ýoluny açyp beren medeniýetimiziň – sungatymyzyň hak howandarlary Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadygymyza, halypa-şägirtlik ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli işleri elmydama rowaç bolsun. 
                                                              

                                                                        “Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň II ýyl talyby
                                                Selbi MÄLIKOWA 

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm