«Türkmen keşdeçilik sungaty - milli mirasymyz» atly bäsleşigiň Arkadag şäher tapgyry geçirildi
Bäsleşigi Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, YÜNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilelikde guradylar. Türkmen keşdeçilik sungatyny wagyz etmek maksady bilen geçirilen bu bäsleşik esasy üç şerti öz içine aldy. Şeýlelikde, 1-nji orna Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy Sülgünjemal Begmyradowa, 2-nji orna Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň 2-nji ýyl talyby Gülkamar Suhanowa, 3-nji orna Arkadag şäherindäki ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň mugallymy Jennet Pürliýewa mynasyp boldy. Bäsleşige işjeň gatnaşanlar höweslendiriji baýraklar bilen sylaglandylar.
Ýeňiş gazanan eli çeper zenanlarymyza Turkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Şeýle hem Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň gyzlar tans topary özleriniň owadan tanslary bilen çykyş etdiler.