“Watan mukaddesligi” muzeýine gezelenç

Her ýylyň  6-njy oktýabrynda 1879-1881-nji ýyllaryň we 1941-1945-nji ýyllaryň Watançylyk uruşlarynda şele hem 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde wepat bolan watandaşlarymyzy, janlaryny orta goýup söweşen gahrymanlarymyzy hatyralaýarys. Ýurduň gahrymanlaryny hormatlap, olaryň ata Watana, ene-topraga bolan çäksiz söýgisini hemişelik hakydamyzda baky şöhratlandyryp, olara tagzym edýäris. Ýaşlarymyza, geljekki nesillerimize Watanymyzyň azatlygy we garaşsyzlygy ugrunda göreşen, edermen, gaýduwsyz ata-babalarymyzyň görkezen gahrymançylygy uly nusgadyr.  
   Sahy  Jepbarow adyndaky  Arkadag şäher ýörite  sungat mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumunda ýerleşýän “Watan mukaddesligi” muzeýine gezelenç çäresi gurnaldy. Hatyra gününe bagyşlanan bu çärede talyplar  pajygaly ýer titremesinde bolup geçen elhenç hadysalary, Watançylyk uruşlarynda şeýle-de Gökdepe galasyndaky söweşiň,  şekillendirilen taslamalary (maketleri) synladylar. Şol pursady synlap, mähriban topragymyza çäksiz söýgi, agzybirlik bilen ähli kynçylyklary ýeňip bolýandygyna göz ýetirdiler. 
      Biz öten-geçenlerimizi, Watan gahrymanlaryny hemişe hormat bilen ýatlaýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhammedowyň  alyp barýan döwlet syýasaty ýurdumyzyň parahatçylygyny pugtalandyrmaga, Garaşsyz türkmen döwletiniň okgunly ösmegine, jemgyýetde belent ynsanperwerlik däplerini aýawly saklamaga  gönükdirlendir.

                                                                                   "Nakgaşçylyk we dizaýn" bölüminiň mugallymy Begsenem Hojanyýazowa

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm