Türkmenistanyň Prezidentiniň "Türkmeniň Altyn asyry" atly bäsleşiginiň ýeňijisi
Ýaňy ýakynda paýtagtymyzda hormatly atlara mynasyp bolan döredijilik işgärlerini hem-de edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, ýaş aýdymçylaryň we zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen Türkmenistanyň Prezidentiniň "Türkmeniň Altyn asyry" atly bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Her ýyl ýurdumyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda medeniýet işgärlerini derejesinde sylaglamak dabarasynyň geçirilmegi Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň yzygiderli ösüşine döredijilik işgärleriniň goşýan goşandynyň ähmiýetini aýdyň şöhlelendirmek bilen, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Guwançmuhammet Saparalyýew hem Türkmenistanyň Prezidentiniň "Türkmeniň Altyn asyry" atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Bizem mekdebimiziň ýolbaşçylarynyň, mugallymlarynyň, talyplarynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýarys. Baýraklarynyň höwriniň köp bolmagyny arzuw edýäris!