Halk maslahaty

                                                                                                                         Hormatly adamlar!

Garaşsyz döwletimiziň we agzybir jemgyýetimiziň ösüşi ylym, bilim hem-de medeniýet bilen berk baglydyr. Altyn güýzüň ilkinji gününde — Bilimler we talyp ýaşlar gününde ýurdumyzda täze, döwrebap orta mekdepler, çagalar baglary daba- raly açyldy. Birinji synpa kabul edilen okuwçylaryň 155 müň 641-sine Hormatly Prezidentimiziň adyndan ýurdumyzda öndürilen kompýuterler sowgat hökmünde gowşuryldy. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» esasynda bilim işini halkara ölçeglere laýyk kämilleşdirmäge badalga berildi.
Geljekde hem ýurdumyzda döwrebap bilim edaralary gurlup, ylmyň we innowasiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça tehnologiýalar merkezleri döredilse maksadalaýyk bolar diýip hasap edýärin. Dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň sanawyna girýän bilelikdäki ýokary okuw mekdepleri ýa-da olaryň şahamçalary açylsa, ýaşlarymyz üçinem, jemgyýetimiz üçinem bähbitli boljakdygyna ynanýaryn.

                                                                                                                            Hormatly adamlar!

Ýaşlar barada döwlet syýasatyny amala aşyrmak boýunça hem öňümizde uly wezipeler durýar. Şunuň bilen baglylykda:
— mekdebe çenli çagalar edaralarynyň hem-de umumy bilim berýän orta mekdepleriň sanyny artdyrmagy;
— saglygy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalar bilen alnyp barylýan işleri kämilleşdirmegi, olar bilen işle-ýän pedagogik işgärleriň hünärini ýokarlandyrmagy;
— ýokary okuw mekdeplerinde ylym-bilim önümçilik arabaglanyşygynyň kämil usulyny döretmegi;
— ýaş nesilleri milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza buýsanç ruhunda, ynsanperwer kadalarymyz esasynda terbiýelemek üçin meşhur şahsyýetlerimiziň ýadygärliklerini ebedileşdirmek boýunça degişli işleri alyp barmagy;
müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetimizi, edebiýatymyzy, şöhratly taryhymyzy täze nazaryýet esasynda düýpli öwrenmegi hem-de ylmy taýdan beýan etmegi;
Arkadag şäheriniň dünýäniň ylym-bilim merkezi hökmündäki ornuny pugtalandyryp, şäherde Türkmenistanyň gadymy, orta asyrlar, täze we iň täze taryhyny, arheologik, binagärlik ýadygärliklerini, döwletimiziň alyp barýan syýasatyny öwrenýän hem-de wagyz edýän halkara ylmy-barlag merkezini döretmegi möhüm hasap edýärin.


                                                                                                                               Hormatly adamlar!

 Ykdysadyýetimiziň pudaklarynda amala aşyrylýan özgertmeler, ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasyny» kabul etmegi zerur hasaplaýaryn. Bu Konsepsiýa iş üpjünçiligi boýunça halkara guramalar, daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekde, husu- san-da, Halkara Zähmet Guramasynyň konwensiýalaryna goşulmakda möhüm ädim bolar diýip pikir edýärin.
Maliýe bazaryny ösdürmek, telekeçiligiň täze görnüşlerini we usullaryny ornaşdyrmak hem döwrüň talabydyr. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň berk binýady bolan pul-karz, walýuta, maliýe, salgyt-býujet ulgamlary yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde, azyk howpsuzlygyny berkitmekde, döwrebap senagat kärhanalaryny, şäherdir obalary gurmakda telekeçilerimiz uly işleri alyp barýarlar. Şoňa göräde, 2030-njy ýyla çenli maliýe bazaryny ösdürmegiň Strategiýasynyň hem-de kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň Milli maksatnamasynyň kabul edilmegi şeýlelikde ýurdumyzy ýokary depginde ösdürmegiň täze tapgyryna badalga berilmegini möhüm wezipeleriň biri hasap edýärin.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm