Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli geçirilen dabara

Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2024-2025-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň öňündäki meýdançada mekdebiň direktory dabarany açyp talyplary gutlady. Soňra Döwlet senamyzyň ýerine ýetirilip, Çuňňur Hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Bilimler we talyp ýaşlar güni, täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagynyň okalmagy mugallymlaryň, talyplaryň buýsanjyny hasda artdyrdy.
Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiň mugallymy A.Bäşimowyň hem-de E.Oweniýazowanyň gutlag sözleri şeýle-hem Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň 1-nji ýyl talyplarynyň ýürek buýsonjundan soňra talyplaryň taýynlan aýdym-sazlary, tanslary bilen, dabara has-da gyzgalaňly dowam etdi. Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň 1-nji ýyl talyplary Watanymyza, Halkymyza, Hormatly Prezidentimize wepalylyk kasamyny kabul edenlerinden soň mekdebiň talyplary Döwlet baýdagyna tagzym etdiler. 
       Bilimler we talyp ýaşlar güni, 2024-2025-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda “Arşa galdyň şahyr arkadag bilen” atly baýramçylyk dabarasy mekdebiň konsert zalynda uly joşgun bilen dowam etdi.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm