Arkadagly Serdarymyzyň ajaýyp zamanasynda talyp boldum!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim paýhas ummany-Magtymguly Pyragy” ýylynda hem, hemmämize mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde giriş synaglary tamamlandy. Ýaşlarymyz özleriniň zehin başarnyklaryny açyp görkezip, synaglardan üstünlikli geçmegi başardylar. Talyp diýen ada mynasyp bolmak bagtyna eýe bolan ýaşlar şeýle ajaýyp döwürde okamaga, döretmäge, işlemäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza ýürek töründen çykýan alkyş sözlerini beýan edýärler.

Gülnabat ANNANUROWA,
Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň 1-nji ýyl talyby:
— Hormatly Prezidentimiziň badalga beren bilim özgertmeleri ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmaga kuwwatly itergi berip, ýaşlar üçin çuň bilimlere ak ýol açdy. “Pähim paýhas ummany-Magtymguly Pyragy” ýylynda giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýaşlaryň müňlerçesi göwün söýen hünärine eýe bolmak arzuwy bilen, arzyly talyplyga ýetýärler.
Medeniýetimiziň, sungatymyzyň ösmegi üçin ak ýol açan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban ilimize eçilen şuglaly menzillerini sanlar ýa maglumatlar bilen sanamak mümkin däl. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden bina edilen Arkadag şäheri bagtyýar ýaşlaryň ak arzuwlaryny  hasyl bolýan mekanyna öwrüldi.
“Pähim paýhas ummany-Magtymguly Pyragy” ýylynda meniňem çagalyk arzuwlarym wysal tapyp, talyp diýen buýsançly ada eýe boldum. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýetini, sungatyny ösdürmäge mynasyp goşant goşmak arzuwy meni Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebine alyp geldi. Hormatly Prezidentimize biz ýaşlaryň, çagalyk arzuwlarymyzyň hasyl bolmagy, maksadymyzyň myrat tapmagy babatynda döredýän ägirt uly mümkinçilikleri üçin çäksiz sagbolsun aýdýaryn. Gahryman Arkadagymyzyň, şeýle-de Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw edýärin!

Şadurdy ALLABERDIÝEW,
Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň 1-nji ýyl talyby:
— Hormatly Prezidentimiziň gülledip ösdürýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp bolmak bagtynyň maňa-da miýesser edendigine begenjimiň çägi ýok.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçip, maňa Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyby bolmak bagty nesip etdi. Ýaş nesilleriň arzuw-islegleri hasyl bolýan bagtyýar zamanamyzda, ata Watanymyzyň, Milli Liderimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň bildirýän belent ynamyny ödemek üçin biz kämil bilimli, ahlak taýdan arassa, il-günümize gerekli hünärmenler bolup ýetişmelidiris. Ynsanyň durmuşynda tolgundyryjy pursatlar, ýagny talyp bolmak bagty meniň başymy al-asmana göterýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň dünýä ylmynyň gazananlaryny özleşdirip, halk hojalygynyň dürli pudaklary üçin ökde hünärli adamlar bolup ýetişmegi ugrundaky başlangyçlary rowaçlyk bilen durmuşa geçirilýär. Muňa Arkadag şäherinde ulanylmaga berlen ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde ähli zerur bolan tejribe enjamlarynyň, internet ulgamyna birikdirilen kompýuterleriň, iň täze okuw usullarynyň ornaşdyrylmagy hem mysal bolup biler.
Şeýle ajaýyp pursatda biz barada yzygiderli alada edýän Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň hemişe rowaç almagyny arzuw edýärin. Goý, ata Watanymyzyň at-abraýy, şan-şöhraty bütin äleme nur çaýsyn!

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm