Türkmenistanda talyplyga dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek möwsümi başlandy
15-nji iýulda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek möwsümi başlandy.
Ozal habar berşimiz ýaly, 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça okuwa kabul etmegiň, şeýle-de orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalary tassyklanyldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Okuwa kabul etmegi 2024-nji ýylyň 15-nji iýuly — 28-nji awgusty aralygynda guramak, okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirmek bellenildi. Bu möhüm möwsümiň talabalaýyk geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, döwlet Baştutany 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini tassyklamak hakynda Buýruga hem gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Döwlet toparyna 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek we onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy. Welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri Türkmenistanyň ýokary, orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça iş toparlarynyň talabalaýyk işlemegi üçin zerur şertleri döretmäge borçly edildi.
Hökümetiň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutany bilim ulgamynyň ýolbaşçylarynyň öňünde birnäçe möhüm wezipeleri goýdy.
Habarda bellenilişi ýaly, dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek möwsüminiň eýýäm ilkinji gününden başlap işjeň häsiýete eýe bolandygyny bellemek gerek. Möwsümiň öňüsyrasynda ýaşlaryň, mekdep uçurymlarynyň arasynda köpçülikleýin wagyz-düşündiriş işleriniň geçirilendigini, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine, olarda geçirilen «Açyk gapylar» günlerine bagyşlanan ýörite telegepleşikleriň görkezilendigini, makalalaryň çap edilendigini bellemek gerek.
Maglumat bu salgydan alnan: https://turkmenportal.com/tm/blog/80432/turkmenistanda-talyplyga-dalashgarlerden-resminamalary-kabul-etmek-mowsumi-bashlandy