Sylaglamak dabarasy

Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrinde «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilen çäreler giň gerime eýe boldy. Şeýle çäreleriň ýokary guramaçylykly geçirilmeginde Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň hyzmaty ulydyr. Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplaryny höweslendirmek maksady bilen, şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäher Geňeşiniň adyndan ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglamak dabarasy geçirildi.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm