Arkadag şäherinde «Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi

30-njy iýunda  Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşiginiň Arkadag şäher tapgyry geçirildi. Bu bäsleşige Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň ýaş mugallymlary, talyplary gatnaşyp üstünlikli çykyş etdiler. 
Milli aýdym-saz sungatymyzyň gymmatlyklaryny, onuň däplerini, şol sanda bagşyçylygyň özboluşly mekdebini dowam etdirmäge we wagyz etmäge gönükdirilen bu medeni çäre ýaşlaryň döredijilik zehinlerini ýüze çykarmaga, olaryň halkymyzyň baý ruhy mirasyna aralaşmaklaryna şert döredýär.
Halk sazandalarynyň we bagşylarynyň döredijilik bäsleşigine 18 — 35 ýaş aralygyndaky türkmenistanlylaryň gatnaşmagy ýurdumyzda ýaşlar syýasatyna uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär. Ýaş nesliň milli medeniýetimiziň gymmatlyklaryna aralaşmagyny üpjün etmek, olaryň döredijilik başarnyklaryny ýüze çykarmak we has-da ösdürmek bu syýasatyň möhüm ugrydyr. Şunuň bilen birlikde, döredijilik bäsleşigi halypaçylyk däplerini berkitmäge, döwürleriň arabaglanyşygyny saklamaga, ýurdumyzda uly üns berilýän saz sungatyny wagyz etmek işine goşant goşmaga gönükdirilendir.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm