"Medeniýet hepdeligi - 2024": ýapylyş dabarasy

Şu gün Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy boldy. Medeniýet günleri milli medeniýetimizi mundan beýläk-de ösdürmäge we bu toplumyň işgärleriniň hünär taýdan kämilleşmegine täze itergi berendigini bellemeli. Medeniýet  günleri halkymyzyň ägirt uly döredijilik mümkinçilikleriniň subutnamasy bolup, özüniň ajaýyp wakalary bilen türkmenistanlylaryň we Arkadag şäheriniň myhmanlarynyň hakydasynda galar.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm