Mugallymlaryň ýürek buýsanjy
Baýramdurdy ARTYKOW,
Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň direktorynyň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary:
— Häzirki döwrümiziň beýik ösüşlerini beýan edýän Arkadag şäheri ähli ildeşlerimiziň köňül buýsanjyna öwrüldi. Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň baýramy belent owazlara beslenmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Hakykatdan hem, milli medeniýetimiziň gadymdan gelýän müňýyllyk taryhy bar. Baý medeni mirasymyz, halk döredijiligimiz, gadymy senedimiz, däp-dessurlarymyzyň özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň medeni durmuşynda-da özgerişlikler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň welaýatlarynda, etraplarynda medeniýet öýleriniň, sungat mekdepleriniň işi döwrüň talabyna görä özgerdilýär.
Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen milli medeniýetini we sungatyny ösdürmek üçin edýän taýsyz tagallalaryna tüýs ýürekden buýsanyp, zehin-ukyplaryny gaýgyrman zähmet çekýärler.
Ýaşlaryň howandary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň, alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň janlary sag ömürleri uzak bolsun!
Elmira OWENIÝAZOWA, “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň müdiri:
Türkmen halkynda ussatlara belent hormat-sarpa goýulýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Arkadag şäherinde medeniýet we sungat işgärleriniň baýramy döwlet derejesinde giňden bellenilýär. Aýratyn-da, medeniýet we sungat işgärleriniň baýramynyň Mag- tymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen utgaşykly toýlanylmagy, söz sungatyna belent sarpa goýýan halkymyzyň başyny göge ýetirdi. Bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Arkadag şäherinde ilkinji gezek bellenilýän Medeniýet günleri ruhubelentlige beslenýär.
Köpetdagyň goýnunda dür monjugy deýin düzülen ak şäher täzeçilligi, ykjamlygy, jana şypa tämiz howasy bilen özüne maýyl edýär. Medeniýet günleriniň ajaýyp dabaralara baý maksatnamasy dürli ugurlary öz içine alýar. Şowhunly kon- sertler, dabaralar, maslahatlar, döredijilik duşuşyklary we agşamlar, sergiler hem şowhunlar, sahna oýunlary, kinofilmleriň görkezilişi toý dabarasynyň öwüşginlerini has-da baýlaşdyrdy.
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy hem-de Hormatly Prezidentimizi, bütin halkymyzy gutlaýaryn!
Muhammet PÜRMÄMMEDOW, “Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň müdiri:
Bugünki gün Magtymguly-Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan aýdym-sazly edebi döredijilik duşuşyklary işjeň häsiýete eýe boldy. Arkadagly Prezidentimiziň tagallasy bilen tutuş Gündogaryň akyldary hasaplanýan Magtymguly Pyragynyň mertebesi belent tutulýar. Paýtagtymyzyň günorta künjeginde, Köpetdagyň etegindäki belent baýryň üstünde akyldar şahyryň 300 ýyllygy mynasybetli gudratly daglar bilen eginleşýän heýkelini oturdylmagy halkymyzyň Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza bolan alkyş dilegleri ýürekden hem-de dowamlydyr.
Medeniýet günleriniň Arkadag şäherinde geçirilmegi bizi has-da buýsandyrýar. Biz hem Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary, talyplary bolup Arkadag şäherinde geçirilen medeni köpçülikleýin çärelere özümiziň aýdym-sazlarymyz, tanyslarmyz bilen gatnaşdyk.
Milli medeniýetimizi, türkmen halk aýdym-sazlarymyzy öwrenip halka ýetirmek üçin Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, giň mümkinçlikler döredilen. Şeýle mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, il-ýurt bähbitli, bütin adamzat ähmiýetli işleri müdimi rowaç bolsun!
Gülendam HAPYZOWA, “Horeografiýa sungaty” bölüminiň müdiri,
Ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy:
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly ýylymyzyň her bir güni bagtyýarlyga, bagtlylyga şeýlede toýly günlere beslenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda bu günlerde Arkadag şäherimizde ilkinji gezek geçirilýän Medeniýet hepdeligi uly guramaçylyk bilen, şatlyk-şowhuna,toýa beslenip giň gerime eýe boldy.
Ýurdumyzda ilkinji akylly şäher bolan Arkadag şähermizde biz medeniýet we sungat işgärlerine talabalaýyk zähmet çekmegimiz üçin giň mümkinçilikler we şertler döredilendir. Bagtyýar döwrümizde milli medeniýetimiz, sungatymyz täzeçe öwüşgin bilen täzeden galkynýar. Şähermizde ýerleşýän medeni ojaklarmyz bu gün toý lybasyna bürendi. Sergileriň, döredijilik duşuşyklaryň, konsertlaryň, maslahatlaryň ýokary derejede geçirilmegi her bir medeniýet ulgamynda zähmet çekýän ildeşlerimiziň göwünlerini ganatlandyrdy.
Medeniýet hepdeligi hemde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralarda biz hem Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplardan döredilen tans toparymyz bilen ajaýyp sahnalarda ýurdumyzyň ösüşini täze tans eserlerimiziň üsti bilen wasp edýäris. Bu ajaýyp bagtly pursatlar taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylar. Çünki bu nusgalyk şäherde ýerleşýän medeni ojaklarda zähmet çekmek her birimiz üçin uly bagtdyr. Arkadag şähermiziň şan-şöhratynyň asyrlara ýaň saljakdygyny buýsanç bilen aýdyp bolar.
Arkadag şäheri bagtyň şäheri, Arkadag şäheri ykbal şäheri.
Milli medeniýetimiziň hem-de sungatymyzyň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň, bizi aýdyň ýollarda täze ösüşlere alyp barýan Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun! Il bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Merjen HOJOGULYÝEWA, “Bagşyçylyk sungaty” bölüminiň mugallymy:
Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynşy döwrüniň her bir güni il-ýurt bähbitli beýik işlere, taryhy wakalara, toý-dabaralara beslenýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmelerde halkymyzyň kämillik derejesine ýetiren milli gymmatlyklary, milli ýörelgeleri özboluşly beýanyny tapýar. Milli medeniýetimizi we sungatymyzy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de kämilleşdirmek maksady bilen, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň işgärleriniň döredijilik üstünliklerini, her bir raýatyň ruhy taýdan galkynmagyny üpjün etmäge goşýan goşantlary nazara alnyp, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bellenilmegi aýdylanlara şaýatlyk edýär.
Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilen Medeniýet hepdeligi biz sungat işgärlerinde ýatdan çykmajak şanly waka öwrüldi. Biz hem bu baýramçylykda halk aýdym-sazlarymyzy ýerine ýetirdik.
Milli sungatymyzyň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin! Goý eziz Diýarymyzda toýlar-toýa ulaşsyn!
Gülälek AKMYRADOWA, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary bölüminiň mugallymy:
Ählimiziň bilişimiz ýaly şu günler Türkmen halkynyň milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen badalga berilen, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzda ilkinji akylly şäher bolan Arkadag şäherimizde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni ýokary derejede geçirildi. Toýlary-toýlara ulaşýan diýarymyzda sanlyja günlerden sebitde deňi-taýy bolmadyk, akylly şäher konsepsiýasyna esaslanyp gurulan, Gahryman Arkadagymyzyň mähri, söýgüsi, zehini siňen Arkadag şäherimiziň açylanyna bir ýyl dolýar. Bu şanly baýramlar bilen ähli kärdeşlerimizi hünär baýramlary bilen tüýs ýürekden mähirli gutlaýarys!
Biz hem öz gezegimizde ýurdumyzyň ähli künjeginde hereket edýän medeniýet edaralary bilen bir hatarda ussat halypa mukamçy kompozitor Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň halk artisti Sahy Jepbarowyň adyny göterýän ýörite sungat mekdebimiziň täze kaşaň binasynda bilim alýan ýaşlaryň okamaga, öwrenmäge, döredijilikli zähmet çekmäge, Arkadag şäherimizde erkana durmuşyň hözirini görip, bagtly bagtyýar ýaşamaga döredip beren şertleri üçin jan aýaman zähmet çekjekdigimize ynandyrýarys.
Şeýle mümkinçilikleri döredip beren, medeniýetimiziň we sungatymyzyň hak howandary Milli Lider Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, il ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!