Ussat halypalaryň audio ýazgylarynyň sergisi
Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy we Medeniýet günleri mynasybetli Akyldar şahyrymyzyň sözlerine döredilen halk aýdymlaryň, toplumy şeýle-de milli sungatymyzyň sütünleri ussat bagşy-sazandalaryň, türkmen professional kompozitorlarmyzyň döreden aýdym-sazlarynyň audio ýazgylary şeýle hem ýurdumyzyň meşhur opera we estrada aýdymçylarynyň aýdan aýdymlaryndan düzilen audio formatda daşy suratlar bilen bezelen ykjam disklaryň sergisi gurnaldy. Bu toplanan ýazgylar, mekdebiň mugallymlarynyň, talyplarynyň peýdalanmaklary üçin ýörite ses ýazgylarynyň saklanýan fonoteka otogynda goýmaklyk göz öňine tutulýar.
Bu toplanan audio ýazgylar, mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň ussat halypalaryň ýazgylardan peýdalanyp, diňläp öwrenip, hasda kämilleşmeklerine gymmatly hazyna bolup hyzmat eder.