Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi geçirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden bina edilen Arkadag şäherinde ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň baýramçylygy bolan Medeniýet hepdeliginiň Arkadag şäherinde ilkinji gezek bellenilmegi biz medeniýet, sungat işgärleriniň buýsançly kalplarynyň şatlygyny has-da artdyrdy. Medeniýet hepdeliginiň häzirki günlerinde dowam edýän baýramçylyk çäreleriniň biri hem Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde ýurdumyzyň sazçylyk we sungat orta hünär okuw mekdepleriniň zehinli talyplarynyň bilelikdäki konsertidir. Ýurdumyzyň bäş welaýatyndan gelen ýörite sungat mekdepleriniň zehinli talyp ýaşlary we Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat medebiniň talyplary özleriniň aýdym-sazly çykyşlary bilen çärä gatnaşýanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. 
Şeýle-de ýörite sungat mekdebimiziň nakgaş mugallymy Hojanýazowa Begsenem we talyp-ýaşlarymyzyň birnäçesi Medeniýet hepdeligi mynasybetli özleriniň ýürek buýsançlaryny ýurdumyzyň teleýaýlymlarynda beýan etdiler. 
HOJANÝAZOWA BEGSENEM 
                                                                                  “Nakgaşçylyk”  bölüminiň mugallymy


Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm