“Zerim bar, zergärim bar, bagtyýar zamanam bar” atly bäsleşigiň ýeňijisi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda aýdyň ýol bilen belentliklerden-belentliklere barýan Watanymyzyň pajarlap ösmegine uly goşant goşýan, müňýyllyklaryň dowamynda ajaýyp sungat eseri derejesinde kämilleşen şaý-seplerimizi, türkmen milli lybaslaryny bezemekde, bedew atlarymyzyň esbaplarynyň bezeg işlerini döretmekde we kämilleşdirmekde öz ussatlyklaryny görkezýän zergärleriň şahsy başarnyklaryny açyp görkezmek, pederlerimizden miras galan däp-dessurlarymyza, edim-gylymlarymyza goýulýan sarpany, zähmet söýerligi, türkmen halkynyň arkama-arka aşyp gelýän bu kesbini has-da dabaralandyrmak, geljekki nesillerimize nusgalyk miras galdyrmak, ýaş nesillerimizde zergärçilik sungatyna bolan höwesi artdyrmak, türkmen halkynyň milli mirasynyň görnükli eserleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigini, şeýle hem şaý-seplerimiziň iň ajaýyp görnüşlerini ýüze çykarmak, ýaýratmak hem-de ony giňden wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkezi, Türkmenistanyň zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşi, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň bilellikde gurnamagynda geçirilen “Zerim bar, zergärim bar, bagtyýar zamanam bar” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyp Sahy Jepbrow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň “Nakgaşçylyk” we “Dizaýn” bölüminiň 1-nji ýyl talyby Gurbanowa Mahym ýeňiji boldy.