“Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň konserti

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz medeniýet we sungat işgärleri üçin uly mümkinçilikleri döredip berýär. Şu ýylyň hem “Pähim paýhas ummany-Magtymguly Pyragy” diýip atlandyrylmagy biz medeniýet we sungat işgärlerini begendirýär. Şeýle gözel, owadan, ekologiýa taýdan arassa, ak mermerlerden gurulan Arkadag şäherimizde ýaşaýan, işelýän her bir sungat işgärleri öz ýürek joşgunlaryny aýdym-sazlar bilen beýan edýärler. Ine bu gün Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň konsert zalynda “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň mugallymy Maksat Annagulyýewiň ýolbaşçylyk etmeginde, talyplary bilen bilelikde professional saz sungatyny ösdürmek maksady bilen türkmen nusgawy kompozitorlarynyň şeýle hem daşary ýurt kompozitorlarynyň eserlerini ýerine ýetirdiler. Olardan: Nury Halmämmedowyň “Maraljan”, Çary Nurymowyň “Gitme sen”, Baýram Hudaýnazarowyň “Älemgoşar” ýaly aýdymlary diňleýjileriň ünsüni özüne çekip, olarda uly täsir galdyrdy. Maksat Annagulyýewiň ýerine ýetiren aýdymlary talyp ýaşlarda uly höwes döredip, olaryň gelejekde ökde hünärmen bolup ýetişmeklerine ýardam berýär. 
Şähribossan Şamämmedowa,
Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher 
ýörite sungat mekdebiniň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm