Wagyz-nesihat çäresi
Bu gün Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde talyp ýaşlar bilen 2024-nji ýylyň maý aýynyň 30-na Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Garaşsyz, baky Bitarap diýarymyzda sagdyn durmuş kadalaryny berjaý etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen şeýle-de “Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça 2024-nji ýylyň maý aýynyň 1-31-i aralygynda geçiriljek çäreleriň meýilnamasyna” laýyklykda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde talyp ýaşlaryň arasynda zyýanly endikleriň ýaramaz täsirini düşündirmek, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen bilelikde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Içeri Işler Ministrliginiň wekili, Arkadag şäher saglyk öýüniň maşgala lukmany, Türkmenistanyň demokratik partiýasynyň Arkadag şäher komitetiniň partiýa guramaçysy şeýle-hem Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşygynyň Arkadag şäher birleşmesiniň bölüm müdiri, hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň geňeşliginden myhmanlar gatnaşdylar. Olar öz çykyşlarynda talyplara zyýanly endikleriň ýaramaz täsirini düşündirip, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgeleri babatda alnyp barylýan işleri güýçlendirmek hakynda wagyz-nesihat işlerini geçirdiler. Olar hersi öz gezeginde neşekeşlik we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy häzirki döwürde dünýä boýunça iň çylşyrymly meseleleriň biri bolup durýandygyny, onuň jemgyýetçilik howpy örän ulydygy barada gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza edýän aladalary üçin alkyş sözleri aýdylyp jemlendi.
Annabegi Emirgulyýewa,
Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher
ýörite sungat mekdebiniň mugallymy