Ilkinji hasabat konserti
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda her bir günümiz belent sepgitleri nazarlaýan ýurdumyzda toý-baýramlaryň toýlanmagy döwrümize özboluşly röwüş çaýýar. Prezidentimiziň sungata höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen durmuşa geçirýän beýik işleri ýurdumyzda ezber aýdymçylaryň, sazandalaryň, bu ugurdan ussat hünärmenleriň has-da artmagyna giň mümkinçilik döredýär.
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toýlanýan günlerinde bu şanly sene mynasybetli Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň ilkinji hasabat konserti geçirildi. Gursagy buýsançdan doly, ilkinji ýyl talyp ýaşlaryň we mugallymlaryň agzybirlikde gurnamagyndaky bu dabara “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly aýdym-sazly kompozisiýa bilen açyldy. Soňra hor toparynyň ýerine ýetirmeginde Allamyrat Bäşimowyň sazyna, Kakamyrat Rejebowyň sözlerine “Döwletli döwran bu gün” aýdymy ýaňlandy.
Gyzlar ansambly bolsa “Ýaşlar Watanyň daýanjy” aýdymy bilen baýramçylyk konsertini dowam etdi. Ýörite sungat mekdebiniň birinji ýyl talyby Annadurdy Anndurdyýew halypa kompozitorymyz Baýramdurdy Hudaýnazarowyň meşhur “Tokkata” eserini fortepianoda ajaýyplyk we zehinlilik bilen owazlandyrdy. Soňra ýörite sungat mekdebiniň tans toparynyň Röwşen Nurmyradowyň sazyna döredilen “Arkadag şäheriniň nurana gijeleri” atly tansy gözel sahna bilen sazlaşdy. Dutarçylar ansamblynyň çalan “Şadyýan ülkäm” sazy dabara gatnaşyjylary has-da ruhlandyrdy. Halk saz gurallary toparynyň, bagşylar ansamblynyň, üflenip we kakylyp çalynýan, kirişli saz gurallary we orkestr toparlarynyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren türkmen hem-de daşary ýurt kompozitorlarynyň eserleri konserte gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Mundan başga-da, türkmen milli saz gurallary we horeografiýa sungaty bölümleriniň talyplary türkmen opera eserlerinden parçalary aýtdylar. Geldi Bäşiýewiň sözlerine, Sahy Jepbarowyň sazyna “Şahyrym” aýdymy bagşyçylyk sungaty bölüminiň talyby Myrat Daňatarow çykyş edip, ol özüniň ýakymly owazy bilen beýik Pyragynyň waspyny ýetirdi.
Konsertiň dowamynda kirişli saz gurallary bölüminiň kwartet topary kompozitor Röwşen Nepesowyň “Fantaziýa” eserini, fortepiano bölüminiň birinji ýyl talyby Friderik Şopeniň “Ekspromt fantaziýa” atly çylşyrymly eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirilmegi dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy.
Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň Magtymgulynyň Pyragynyň 300 ýyllyk toýyna bagyşlanan ilkinji hasabat konserti solistler, hor we orkestriň ýerine ýetirmeginde Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň sözlerine, Röwşen Nurmyradowyň sazyna döredilen “Arşa galdyň şahyr Arkadag bilen” atly ajaýyp aýdym bilen jemlendi.
Arkadag şäheri – bagtyň we bagtyýarlygyň, ösüş-özgerişleriň, täzelikleriň şäherinde geçirilen, dabarasy dag aşan bu konsert ýüreklerde buýsanç duýgularyny döretdi, ynsan göwünlerini birleşdirdi.
Annabegi Emirgulyýewa, Şähribossan Şamämmedowa
Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher
ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary.