“Milli döwletliligimiziň synmaz sütünleri – ýaşlaryň baky buýsanjy” atly baýramçylyk dabarasy
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäher geňeşiniň hem-de Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda, Türkmenistanyň konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň konsert zalynda, “Milli döwletliligimiziň synmaz sütünleri – ýaşlaryň baky buýsanjy” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabarada ýörite sungat mekdebimiziň talyplary özleriniň edebi-sazly kompozisiýolary, aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler.