Gepleşik ýazgy edildi
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda durmuşa geçirilýän halk bähbitli işler beýik ösüşlere beslenýär. Gündogaryň Beýik söz ussady, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna, hem-de onuň ilkinji kanoniki çeper keşbini döreden Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanyp, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde Arkadag teleýaýlymy bilen bilelikde gurnan gepleşigi ýazgy edildi. Gepleşikde Aýhan Hajyýewiň ömri döredijiligi we sungat ýolunda bitiren ägirt uly işleri, onuň manyly ömründe döreden bahasyna ýetip bolmajak gymmatly eserleri halkymyza, Watanymyza, yaş nesillerimize ýadygär goýandygy barada nakgaş mugallym Hojanýazowa Begsenem giňişleýin gürrüň berdi.
Şeyle-de “Nakgaşçylyk we Dizaýn” bölüminde bilim alýan talyplarymyz Saparowa Ogulşat, Nurlyýewa Dilber Beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň keşbine döredilen nakgaş eserleri barada gürrüň berdiler.