Ýaş zehinleriň arasynda geçirilen bäsleşigiň jemi jemlendi

Bäsleşik Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ylymly-bilimli, kämil hünärli, watan söýüji, maksada okgunly we zehinli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, olaryň geljekde öz hünärinden baş çykarýan kämil ýerine ýetirijiler we başarjaň hünärmenler bolup ýetişmeklerini üpjün etmek, şeýle-de ýaşlaryň zehin başamyklaryny açyp görkezmek. sungatyň dürli ugurlaryndan ökde bagşy-sazandalaryň kämil ýerine ýetirijilik derejesini ýokarlandyrmak hem-de has tapawutly ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirildi. «Yaşlyk mukamy» atly bäsleşigi Türkmenistanyň Medeniýet ministirliginiň garamagynda, ýörite sazçylyk we orta hünär sungat mekdeplerinde ýekelikde aýdym aýtmak, fortepiano, kirişli, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary boýunça bilim alýan, zehinli ýaş ýerine ýetirijileriň arasynda Paýtagtymyzyň dürli ýerlerinde geçirildi. 
  Bagşy hem-de türkmen milli saz gurallary boýunça bolsa 2024-nji ýylyň maý aýynyň 3-ne Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiň konsert zalynda geçirildi. Bäsleşige Ýurdumyzyň welaýatlardaky ýörite sazçylyk sungat mekdepleri şeýle-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk sungat mekdebi, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk-mekdep internatynyň 10-11-nji synp okuwçylary gatnaşdylar. Bäsleşik emin agzalaryň gatnaşmagynda diýseň gyzgalaňly geşdi. 
Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Diplomlary we Hormat hatlary hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.
Şu gün bolsa Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde «Yaşlyk mukamy» atly bäsleşiginiň jemini jemlemek dabarasy geçirildi. Bäsleşikde ýeňiji bolan talyplar we Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebimiziň mugallymlary, talyplary bilen bilelikde taýýarlan jemleýji konserti agzibirligiň ýaňy bolup, joşguna beslendi.
Dabara gatnaşan döredijilik işgärleri we ýaş sazanda-bagşylar, şunuň ýaly bäsleşikleri geçirmäge döredilýän şertler we goldaw-hemaýatlary üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny beýan etdiler?




.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm