Pähim-paýhas ummany
Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi Arkadag teleýaýlymy bilen bilelikde “Pähim-paýhas ummany” atly gepleşigi ýazgy edildi.
Gepleşikde Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň türkmen halk aýdym-saz sungatyndaky tutýan orny barada şeýle-de şekillendiriş sungatyndaky Magtymgulynyň keşbi dogrusynda söhbet edildi. Gepleşigiň dowamynda Magtymguly Atamyzyň sözlerine birnäçe halk aýdymlary we goşgulary mekdebiň mugallymlary, talyplary tarapyndan ýerine ýetirildi.